DÜNÝÄ

Kataryň Lusail uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Lusail uniwersitetiniň prezidenti Nitham Mohammed Hindi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga Lusail uniwersitetiniň okuw işleri boýunça wise-prezidenti Hanym Fatma Mansour Al Maslah we uniwersitetiň Söwda we dolandyryş fakultetiniň dekany Adam Muhammed Aly Fadlalla hem gatnaşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasy barada hem-de ýurdumyzda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy we Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlar bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem, Lusail uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişmekligiň we hyzmatdaşlyk etmegiň ýollary barada maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi