SPORT

Katar-2022: Saud Arabystanynyň taryhy üstünligi üçin resmi dynç alyş

Saud Aarbystany Patyşalygynyň Patyşasy Selman bin Abdulaziz ýurdunyň Katarda geçirilýän dünýä çempionatynda Argentinanyň ýygyndysyny 2:1 hasabyna ýeňendigi üçin 23-nji noýabry resmi dynç alyş güni yglan etdi.

Şunuň bilen bagly karar Saud Arabystanynyň patyşalyk diwany tarapyndan mälim edildi. Saud Arabystanynyň Argentinany 2:1 hasabynda ýeňenden soňra Patyşalyk diwany tarapyndan berlen beýanatda: “Suad Arabystanynyň Patyşasy bilim edaralarynyň ähli düzümleri bilen bir hatarda hususy we resmi ähli edaralarda çarşenbe güni resmi dynç alyş yglan etdi” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Selman hem Argentinanyň milli ýygyndysyny ýeňendiklerini üçin jemgyýetçilik tory arkaly şatlygyny paýlaşdy.

Saud Arabystanynyň sport ministri şazada Abdulaziz bin Türki al-Faýsal hem milli ýygyndylarynyň taryhy üstünlik gazanandyklaryny mälim etdi.

 

Arap ýurtlarynyň syýasy ýolbaşçylary hem Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň gazanan bu üstünligi üçin gutlag hatlaryny ýolladylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum, Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler ministri Abdullah bin Zaýid, Liwiýanyň Premýer-ministri Nejib Mukati, Iordaniýanyň mirasdüşer şazadasy Hüseýin bin Abdullah ýaly köp sanly ýolbaşçylar öz gutlag hatlaryny iberdi.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy