SPORT

Katar-2022: 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary belli boldy

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “A” we “B” toparçalaryndaky duşuşyklar tamamlandy. Düýn habar berşimiz ýaly, “A” toparçasyndan Niderlandlar 1-nji orny eýeläp, Senegal 2-nji orny eýeläp, indiki tapgyra çykdy.

“B” toparçasyndaky duşuşyklar hem düýn gije tamamlandy. Angliýanyň ýygyndysy Uelsiň ýygyndysyny 3:0 hasabynda utdy. ABŞ-nyň ýygyndysy bolsa, Eýrany 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Şeýlelikde,  Angliýa 7 utuk, ABŞ-nyň 5 utuk, Eýranyň 3 utuk we Uelsiň 1 utuk gazandy. Angliýa birinji we ABŞ- ikinji bolup toparçadan çykdy.

Şonuň netijesinde, 1/8 finalda Niderlandlar bilen ABŞ, Angliýa bilen Senegal duşuşar.

Mundan ozal, Fransiýa, Braziliýa we Portugaliýa toparçadan çykmagy başarypdy.

Şu gün bolsa ýene-de 4 duşuşyk geçiriler.

Sagat 20:00-da

Tunis – Fransiýa

Awstraliýa – Daniýa

Sagat 00:00-da

Polşa-Argentina

Saud Arabystany – Meksika

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi