BIZNES

Karl Lagerfeldiň mirasy satylýar

Dünýäniň iň möhüm moda dizaýnerlerinden biri Karl Lagerfeldiň Monakodaky we Fransiýadaky 8 öýünde emläkleriniň satyljakdygy mälim edildi. 2019-njy ýylda 86 ýaşynda aradan çykan meşhur nemes moda dizaýneri Karl Lagerfeldiň “Choupette” atly pişigine goýan mirasy uly üns çekipdi. Moda dizaýneriniň öýlerindäki goşlar Fransiýadaky “Sotheby” auksion öýi tarapyndan satyljakdygy habar berildi.

Auksiona çykaryljak goşlarynyň arasynda pişigi “Choupette” üçin ýörite ýasalan nahar tabaklary, 40 müň ýewrolyk bir heýkeli, gymmat bahaly farfor önümleri, öý dokma önümleri we Lagerfeldiň stiliniň goly bolan 200-den gowrak barmaksyz deri ellikleri hem bar diýlip yglan edildi.

“Chanel” we “Fendi” markalary üçin döreden dizaýnlary bilen moda dünýäsinde özüni tanadan Lagerfeldiň “Goyard” markaly çemodanlaryny, şeýle hem “YSL, KL, Comme des Garçons, Dior we Martin Margiela” markalaryna degişli ýörite ýasalan kostýumlary satyljakdygy mälim edildi.

 

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri kim bolar?

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär