BIZNES

“Kamaz” Türkmenistanda öz tehnikalary öndürer

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu duşuşyk Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyn mynasybetli amala aşyran saparynyň çäklerinde bolup geçdi. Bu barada kompaniýanyň internet sahypasynda bellenilýär.

Taraplar Türkmenistanda Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýörite tehnikalarynyň önümçiligini guramak boýunça taslama babatda pikir alyşdylar. “Şu güne çenli Türkmenistanda gurnamak üçin ýörite gurluşlaryň sanawy taýýarlanyldy. Dürli ýörite tehnikalary ýygnamak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar” – diýlip, metbugat gullugynda habar berilýär.

«Aşgabatdaky hyzmat merkezinde gurnama binasynyň gurluşygy we ulanyşa berilmegi 2022-nji ýylyň IV çärýeginde meýilleşdirilýär» – diýlip hem bellenilýär.

Türkmenistan – “KAMAZ” kompaniýasynyň tehnikalarynyň iň köp ýerlenýän bazarydyr. Hyzmatdaşlyk döwründe “KAMAZ” kompaniýasy 11 müňden gowrak tehnika iberdi. Olardan 2000-si soňky üç ýylda ýerlendi.

2008-nji ýyldan bäri, Aşgabatda bu kompaniýanyň 5 müň inedördül metr meýdany bolan okuw-hyzmat merkezi hereket edýär. Kompaniýanyň Türkmenistanyň welaýatlarynda hem merkezlerini gurýar. Türkmenbaşy şäherindäki hyzmat merkeziniň resmi açylyşy 2021-nji ýylyň oktýabrynyň ahyrynda meýilleşdirilýär. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýa Lebapdaky, 2022-nji ýylda Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky merkezlerini açmagy göz öňünde tutýar.

 

“Amazon” kompaniýasy robotyny tanyÅŸdyrdy

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär