DÜNÝÄ

Kaliforniýa uniwersitetinde “Men seniň ýanyňa geldim” aýdymy ýaňlandy

 Kaliforniýa uniwersitetiniň okuw binalarynyň zallarynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdymy “Leýli saç hakynda rowaýat” (Men seniň ýanyňa geldim) aýdymy ýaňlandy. Düýn Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk fakultetiniň çäginde hereket edýän ALSA (Advanced Legal Scholars Association) bileleşigi tarapyndan “Halkara medeniýet güni” ady bilen çäre geçirildi. Çärede myhmanlara türkmen palawy bilen bir hatarda, Eýranyň, Brazilýanyň,  Keniýanyň, Hytaýyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we beýleki  ýurtlaryň tagamlary we süýji önümleri hödürlendi. Şeýle hem çäre gatnaşanlar dürli ýurtlaryň medeniýetine degişli el işleri bilen tanyşdylar. Türkmenistany tanyşdyrýan diwarlykdaky el işleri myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

       

Hukuk fakultetniň  meýdançasynda geçirilen çärä ýerli we halkara talyplar, professor mugallymlar, hukuk mekdebiniň halkara bölüminiň hünärmenleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

 Halkara medeniýet gününiň açylyş dabarasyny alyp baran  ALSA-nyň baş sekretary Elaý Sultanahmadi Hukuk fakultetiň dekanynyň orunbasary professor Bett Greenwooda ilkinji bolup, söz berdi. Soňra Hukuk fakulteniň  Halkara programmalarynyň direktorynyň orunbasaryr professor Johann Morri çykyş etdi. Açylyş dabarasynyň ahrynda bolsa, ALSA-nyň  Prezidenti Dr.Dowran Orazgylyjow çykyş edip, çäre gatnaşanlara öz minnetdarlygyny bildirdi.

Açylyş dabarasy tamamlandan soňra, Halkara  medeniýet  gününe gatnaşanlar ALSA-nyň Çäreler utgaşdyryjysy Sedat Aýdynyň ýerine ýetirmeginde dürli ýurtlaryň aýdym sazlaryny diňlediler. Şonda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň meşhur  “Leýli saç hakynda rowaýat” (Men seniň ýanyňa geldim) aýdymy Hukuk fakultetiniň koridorlarynda ýaňlandy.

Çäre gatnaşanlaryň ýerine ýetiren tanslary bolsa çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

Ýene-de okaň

USAID “Globalg.a.p.” sertifikatyny almak üçin Türkmenistanyň iň uly badam öndürijisine goldaw berýär

Ata Watan Eserleri

Lukaşenko prezidentlige dalaşgär bolar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Pekin şäherine iş sapary

Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär

Putin: BRIKS-iň emeli intellekt boýunça alýansyny döretmegi teklip edýärin

2025-nji ýylda Belarusda prezident saýlawlary geçiriler