SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kädiniň adam saglygyna edýän täsiri

Howanyň sowamagy bilen bednimiz hem sowukdan täsirlenýär. Şu döwürlerde adama witaminler gerek bolýar. Kädi hem minerallara we witaminlere baý bolup, energiýany artdyryp,  kesellere garşy göreşýär.

Düzüminde demriň uly bölegini saklaýan bu önüm, ganazlykdan kösenýänler üçin gymmatly önümdir. Şeýle hem kädi bedenden zäherli maddalary bölüp aýyrmakda ähmiýetlidir.

Kädiniň gözler üçin peýdasy uludyr.  Kädiniň düzüminde A  we E witamini bolup, gözüň göreji üçin peýdalydyr. Şonuň üçin hem ýeterlik mukdarda kädi iýmek maslahat berilýär.

Kädi ýürek-damar kesellerine hem peýdaly iýmit bolup hyzmat edýär.

Kädi çigidi hem dermanlyk hökmünde peýdalanylýar.  Kädi çigidiniň düzüminde ýaglar, beloklar, tebigy turşulyklar bardyr.

4-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar