TEHNOLOGIÝA

“Jeýms Webb” kosmos teleskopyndan ilkinji reňkli suratlar

NASA edarasy  “Jeýms Webb” kosmos teleskopy tarapyndan düşürilen ilkinji reňkli suraty köpçülige hödürledi.

Köp ýyllap garaşylandan soň, 2021-nji ýylyň 25-nji dekabrynda kosmosa uçurylan “Jeýms Webb” kosmos teleskopy kosmosda şu wagta çenli açylmadyk zady tapmagy maksat edinýär.

Teleskop ilkinji synaglaryny amala aşyryp başlan döwründe şol gözlegleriň dowamynda alnan suratlar hem sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.

NASA edarasy “Jeýms Webb” kosmos teleskopy tarapyndan düşürilen ilkinji reňkli suraty halk köpçüligine hödürledi.

Ýerden takmynan 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän “Jeýms Webb” teleskopy tarapyndan ýazylan wideo ýazgylar görkeziler.

NASA-nyň Ýewropanyň we Kanadanyň kosmos agentlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň önümi bolan Webb kosmos teleskopy, iň uly we iň güýçli, ýöne 31 ýaşyndaka, iş möhletini ahyryna golaýlap gelýän “Hubble” kosmos teleskopynyň mirasdüşeri hökmünde görülýär.

 

 

Türkmenistanda Sindzo Abe hatyralandy

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi