MEDENIÝET

Jennifer Lopes Gazagystanda konsert berer

Dünýä belli aýdymçy Jennifer Lopes Gazagystanda konsert maksatnamasy bilen çykyş eder. Bu barada gazak metbugaty habar berýär.

Lopesiň konserti onuň “Up All night” atly konsert maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler. Dünýä belli aýdymçy “Instagram” jemgyýetçilik torunda özüniň dünýä döwletlerinde geçirjek konserti barada habar berdi.

Amerikaly akstrisa we aýdymçy Jennifer Lopes özüniň konsert maksatnamasynyň çäklerinde 1-nji awgustda “Astana Arena” merkezinde çykyş eder.

Lopesiň konserti 1-nji iýuldan 3-nji awgusty aralygynda dünýäniň 17 şäherinde konsert berer. Ol Antalýa, Stambul, Madrid, Barselona, Budapeşt, Warşawa, Buharest, Abu-Dabi ýaly birnäçe şäherde konsert maksatnamasy bilen çykyş eder.

– Men özüniň muşdaklarym üçin şu ýylyň tomsunda birnäçe şäherde konsert çärelerinde duşuşaryn. Muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, Lopes öňde boljak konsertleri barada habar berdi.

Related posts

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Meşhur fransuz aktýor Alen Delon aradan çykdy

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler