BIZNES

Italiýada Türkmenistanyň maýa goýumlary tanyşdyrylar

“Italiýa kompaniýalary üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýumlary we işewürlik mümkinçilikleri” atly tanyşdyryşy 7-nji iýula meýilleşdirilýär.

Onlaýn duşuşyk, Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy we Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen italýan senagatynyň ähliumumy konfederasiýasynyň (Confindustria) we SACE italýan eksport-karz agentliginiň hyzmatdaşlygynda gurnalýar.

Assolombarda – Milanda we birnäçe obalarynda ştab-kwartirasy bolan tutuş Confindustria ulgamyndaky iň iri kompaniýalarynyň birleşmesiniň habar bermegine görä, bu başlangyç, Italiýanyň aýratyn strategiki hyzmatdaşy bolan ýurtdaky italýan kompaniýalary üçin bar bolan maýa goýumlaryny we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hödürlemek maksady bilen amala aşyrylýar.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, soňky döwürde Türkmenistanyň Italiýa bilen söwdasy yzygiderli ösýär we Ortaýer deňzinde türkmen bazarynda söwda edýän ýa-da oňa gyzyklanma bildirýän kompaniýalar barha köpelýär.

Assolombardanyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mukdary 148 million ýewro bolup, esasan nebit pudagy bilen baglanyşyklydy. Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we maýa goýumlary üçin amatly şert döretmäge gönükdirilen Türkmenistan bilen maýa goýumlaryny ösdürmek we goramak boýunça ikitaraplaýyn şertnama tassyklandy.

Geljek hepde bu çärä telekeçilerden başga-da, Türkmenistanyň we Italiýanyň resmi wekilleri, şol sanda “Confindustria” we “SACE”-niň ýolbaşçylary hem gatnaşarlar.

Bu duşuşyk, 2021-nji ýylyň güýzünde Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň howandarlygynda gurnaljak indiki Italiýa-Türkmenistan işewürlik forumyny guramak üçin başlangyz nokatdyr.

Çeşme: www.tstb.gov.tm

 

“Ata Watan Eserleri”: baýrakly makala ýaryşy dowam edýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi

Pekin şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar