SPORT

Ispaniýanyň naýbaşysy – “Barselona”

Düýn gije Saud Arabystanynyň “King Abdulla” stadionynda Ispaniýanyň Superkubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Onda ispan ägirtleri – “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşdy.

2025-nji ýylyň ilkinji “El-Klasiko” duşuşygynda “”Barselona” topary esasy garşydaşy “Realy” uly hasap bilen, ýagny 5:2 hasabynda utup, 15-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Bu rekord.

Duşuşyga çalt girişen “Real Madrid” topary fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe bilen 5-nji minutda hasbay açdy. Ýöne ruhdan düşmedik katalonlar 22-nji minutda Lamin Ýamal, 36-njy minutda Robert Lewandowski, 39-njy we 48-nji minutda Rafinýa, 45-nji minutda Balde bilen hasaby 5:1-e ýetirdi.

“Realyň” ikinji goluny 60-njy minutda Rodrigo geçirdi. Şol wagtda “Barselonanyň” derwezeçisi Şesny Woýseh gyzyl  kart alyp oýundan çykaryldy.

Şeýlelikde, “Barselona” bu kubogy 15-nji gezek gazandy we rekord goýdy. “Real Madridiň” 13 kubogy bar.

2024-nji ýyldan bäri “Barselona” toparyna tälim berýän german hünärmen Hans-Diter Flik bu topar bilen ilkinji kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler