BIZNES

Işewürler forumynda 42 resminama gol çekildi

Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine daşary ýurtlardan 40 wekil, hususan-da YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, YHG agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Söwda biržalar birleşiginiň, Türkiýe-Pakistan Söwda-senagat edarasynyň hem-de ýokarda agzalan döwletleriň degişli ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we dürli kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 300-e golaý daşary ýurt wekilleri gatnaşdy.

Türkmen tarapyndan işewürler maslahatyna 138 wekil gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty, Energetika we beýleki ministrlikleriniň, döwlet konsernleriniň, ulag we aragatnaşyk agentlikleriniň, döwlet banklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň hususy düzüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Giriş sözi bilen maslahatda YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa Ahlaki çykyş etdi.

Umumy mejlisde YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň başlygy çykyş etdiler.

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Azerbaýjan we Gyrgyz Respublikalarynyň Söwda-senagat edaralarynyň Prezidentleri, Gazagystanyň Daşary söwda edarasynyň başlygy, Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Biržalar Birleşmesiniň Prezidenti, Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Soňra maslahat iki sany tematiki mejlislerde dowam etdirildi. Olar: “YHG agza döwletlerinde söwda, gümrük we salgyt hyzmatlary, içerki we daşarky bazarlarda täze sarp edijilere girmegiň usuly hökmünde sanly tehnologiýalar we elektron söwda platformalary” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlerde ulag we logistika hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek we maýa goýum mümkinçilikleri”.

Mundan başga-da, nebit we gaz, himiýa, oba hojalygy we azyk önümçiligi, dokma, söwda pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen gibrid formatda öňünden ylalaşylan ikitaraplaýyn duşuşyklar gurnaldy.

Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol ulaglary edaralarynyň arasynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ýük geçelgesini durmuşa geçirmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi. Şeýle-de, işewürleriň arasynda 17 sany, birža söwdalarynyň netijeleri boýunça bolsa 25 sany resminama gol çekildi.

 

Türkmenistan Russiýa gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär

Eýran goňşy ýurtlara otly gatnawlaryny ýola goýar