SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Irki çagalyk döwrüne häsiýetnama

Çaganyň bäbeklik döwrüniň häsiýetnamasy  hakynda maglumat beripdik. Bu sanynda hem çaganyň irki çagalyk döwrüne degişli maglumat bermegi makul gördük.

Ylymda irki çagalyk döwrüne başgaça mekdebe çenli döwürden öňki çagalyk döwri (irki çagalyk) hem diýlip aýdylýar. Irki çagalyk döwri – 1 ýaşdan 3 ýaşa çenli aralygy öz içine alýar.

irki çagalyk döwrüne häsiýetnama. Irki çagalyk döwründe çaganyň ösüşinde we şahsyýetiniň kemala gelşinde hil taýdan öňe gidişlik ýüze çykýar. Çaganyň şahsyýetiniň ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy şerti sözleýiş bolup, ol onuň akyl ýetirişiniň hem-de aragatnaşygynyň çäginiň giňemegine getirýär. Bu döwürde çaganyň özüni alyp barşynyň, gylyk-häsiýetiniň binýady gurluşynyň emele gelýändigi duýulýar. Çaga ata-eneler, ulular, öz ýaşytdaşlary bilen aragatnaşyklarynda oňlanylýan we oňlanylmaýan zatlara düşünip ugraýar. Çaga öz gurşawyndaky aragatnaşyklarynda, özüni alyp barşynda, işlerinde ahlak sypatlary ele alýandygy üçin bu ugurda geçirilýän işleriň dogry guralmagyny,
goýulýan ahlak talaplaryň mazmunynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmak örän ähmiýetlidir. Bu döwürde çagada özbaşdaklygyň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlaýar, bu bolsa onuň erkiniň, zähmetsöýüjiliginiň kemala gelmegine esas bolup hyzmat edýär. Şahsyýetiň sypatlarynyň birnäçesi hut şu döwürde emele gelip başlaýar. Hut şuny nazarda tutup, psihologlar 3 ýaş döwrüni adamyň doglan gününden ululyga ýetýänçä ösüşiniň aralyk zolagy hasaplaýarlar.

9-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar