BIZNES

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi hem-de işewürler maslahaty öz işine başlady. EYR-nyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Bu ýöriteleşdirilen sergide we işewürler maslahatynda Eýran Yslam Respublikasynyň azyk pudagyna ýöriteleşen kompaniýalarynyň ýüzlerçesi öz harytlaryny hem-de hyzmatlaryny hödürleýärler.

Ýokary derejede guralan bu sergi Eýran Yslam Respublikasynda öndürilýän köp görnüşli önümleriň, ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ýokary hilli harytlaryň tanyşdyrylyş dabarasyna öwrüldi.

Sergide azyk önümçiligine uly orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Ashuradeh Dairy», «Golestan Sabah Dairy» kompaniýalary dürli görnüşli süýt önümleri bilen tanyşdyrdylar. «ATP Group» kompaniýasynyň gazlandyrylan içgileri, şokoladly we süýji önümleri, «Mashhad Asana Behrouz» kompaniýasynyň gaplama we konserwirlenen önümleri, dürli miwelerden taýýarlanan mürepbeleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. «Behchino» kompaniýasynyň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik içgileridir çaýlary-da myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi hem-de işewürler maslahaty 18-nji dekabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy