TEHNOLOGIÝA

“Instagram” gaýdyp geldi: yzy bilen “Facebook” we “WhatsApp”

“Instagram”, “Facebook” we “WhatsApp” Applikasiýalary 6 sagatdan soňra täzeden işläp başlady. Mälim bolşy ýaly, düýn agşam dünýäniň meşhur jemgyýetçilik torlary bolan “Instagram”, “Facebook” hem-de iň köp ulanylýan “WhatsApp” Applikasiýasynyň hyzmatlarynda näsazlyk emele geldi. Jemi 6 sagatdan köp dowam eden näsazlyk gije ýarysy aradan aýryldy. Bu üç Applikasiýa eýeçilik edýän “Facebook” kompaniýasynyň jemgyýetçilik boýunça müdiri Andy Stone “Twitter” hasabyndan ulanyjylara ýüzlenipdi. Ol öz ýüzlenmesinde Applikasiýalarda we önümlerinde näsazlygyň emele gelendigini boýun aldy we  mümkin bolan iň gysga wagtda näsazlygy aradan aýyrmak üçin işleýändiklerini belläp geçipdi. Ol  şeýle ýagdaýyň emele gelmegi sebäpli ötünç sorady.

Bu ýagdaý emele gelenden soňra “Facebook” kompaniýasynyň Nýu-Ýork biržasyndaky aksiýalarynda 5 göterimden gowrak pese gaçyşyň emele gelendigi bellenilýär. “Facebook” Applikasiýasynyň häzirki günde 2,89 milliard ulanyjysy bar. Bu görkeziji “YouTube”-de 2,3 milliard, “WhatsApp”-da 2 milliard, “Instagramda” bolsa 1,38 milliard ulanyja barabardyr.

 

“Instagram”, “Facebook” we “WhatsApp”: global näsazlyk

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar