TEHNOLOGIÝA

«Instagram» çagalar üçin niýetlenen goşunda arakesme berdi

«Feýsbuk» kompaniýasy «Instagramda» 13 ýaşdan kiçi çagalar üçin niýetlenen goşundysy bilen bagly taslama arakesme berdi.

«Instagramyň» ýolbaşçysy Adam Mosseri bu barada beren düşündirişinde, özleriniň heniz hem bu goşunydynyň çagalar üçin peýdaly bolup biljekdigi barada pikirdedigini aýtdy. Ýöne arakesme maşagalar we çagalar bilen degişli guramalar bilen pikir alyşmak üçin berildi.

Mosseriniň aýtmagyna görä, bu goşundy 13 ýaşdan kiçi çagalaryň «Instagramdan» peýdalanmasyna ata-eneleriň gözegçiligini güýçlendirer. Ýöne «Instagramyň» ýakynda ABŞ-nyň «Wall Street Journal (WSJ)» gazeti tarapyndan tankyt edilendigini hem aýtmak gerek. Neşir bu jemgyýetçilik aragatnaşyk torunyň çaga terbiýesine zyýanly täsir edýändigini ýazýar.

Şeýle-de bolsa, Mosseri bu tankytlamalary ýalňyşlyk hasaplaýar. Onuň pikirine görä, taslama barada ýalňyş pikirler bar. Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslama çagalaryň görüm-göreldesine hiç hili zyýan ýetirmez.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert

 

 

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler