DÜNÝÄ

Indoneziýanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy

Jakarta şäherinde, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde (Merdeka Palace) Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalowyň Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.

Dabaranyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Prezident Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmasynyň bardygy bellenildi.

Pursatdan peýdalanyp, Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrýandygy baradaky maglumaty ýetirdi.

Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Sugiononyň bu ýurda täze bellenen Ilçileri bilen çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Indoneziýanyň ministri Ilçiniň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy