MEDENIÝET

Iň ýaşuly pianinoçynyň konserti

Ýaponiýaly pianinoçy Murio Maýako 1921-nji ýylda dünýä indi we ol 1945-nji ýylda professional derejede pianinoçy boldy.

Ol 100 ýaşynyň dolmagynyň öňüsyrasynda Tokio şäherinde konsert berdi. Ýaşuly pianinoçy bu konsertde öz pikirlerini tomaşaçylar bilen paýlaşdy.

– Gowy sazanda bolmak üçin nämäniň gerekdigine düşünip başladym. Muny öz içiňiziň çuňlugyndna gözlemeli – diýip, belledi.

Pianinoçy bu ýol bilen öz sungatyny döredip biler diýip pikir edýär. Sungatyň tükeniksiz bir kärdigini, hatda 200 ýyl ömrüň hem ýeterlik däldigine ynanýar.

Maýako özüniň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan ömrüniň dowamynda 13 ýurtda aýdym-saz bilen çykyş etdi. Häzirki wagtda ol Ýaponiýanyň iň ýaşuly pianinoçydyr. Ol häzir hem tomaşaçylaryň öňünde çykyş edýär. 18-nji aprelde ol 100 ýaşaýar.

 

Balyklaryň täsin häsiýetleri

 

 

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi