JEMGYÝET

Iň uly uçar hyzmata başlady

Emirates kompaniýasy dünýäniň iň uly ýolagçy uçary hasaplanylýan A380-de ilkinji resmi gatnawy amala aşyrdy. Uçar Dubaýdan Maskat (Oman) şäherine çenli uçdy. 40 minutlyk bu uçuşda 340 kilometr ýol geçildi.

Ýöne ilkinji uçuşda onuň beýleki uçarlaryň belentligine galman, Ýerden 5791 metr ýokarda uçandygy aýdylýar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, A380-ler bu aralykda her gün iki gatnawy amala aşyrar.

Bu ugur üçin goýlan Airbuslaryň ikisi hem üç klaslydyr. Onuň ekenom klasyna 429, biznes klasyna 76, birinji dereli klasyna bolsa 14 ýolagçy ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada