BIZNES

Ilkinji kir ýuwujy serişdeler

Dünýäde ilkinji kir ýuwujy serişdeler 1917-nji ýylda “nekal” ady bilen satuwa çykarylypdyr. Kir ýuwujy serişde himik Reýçler tarapyndan oýlanyp tapylýar.

Germaniýanyň himigi  Çarles Frederik Gunter  ilkinji kir ýuwujy serişdäniň işjeň maddasyny  ele alýar. Mundan soňraky ýyllarda himikler gözleg işlerine dowam edýärler.

Ýörite kir ýuwujy serişdäniň formulasyny 1913-nji ýylda tapan himik Reýçlerdir.  4 ýyl soňra hem Nekal” ady bilen satuwa çykarylyp, kir ýuwujy serişdäni ilkinji oýlap tapan Reýçler diýip taryha girýär.

Ikinji jahan urşy döwürleri kir ýuwujy serişdeleriň öndürilmegi hasam artdyryldy. Sebäbi ýuwulmaly egin-eşikleriň sany has köpdi. Bu serişdäniň düzümine täze maddany goşmak göz öňüne tutulýardy.Çünki öňki serişde egin-eşikleri doly derejede arassalamaga täsirini ýetirip baranokdy.

1967-nji ýylda kir ýuwujy serişdäniň düzümine käbir elementler goşuldy. Muny ilkinji amala aşyran hem “ Proctor and Gamble” atly kompaniýadyr.

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň duşuşygy geçirildi

 

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler