BIZNES

Ilkinji gezek 83 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, bu forum biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe benzin öndürmek boýunça meýilnama 105 göterim, bitum öndürmek boýunça 142,3 göterim, polipropilen öndürmek boýunça 105,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylda tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 120,1 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça meýilnama 129,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri barada hasabat berildi.

Wise-premýer 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijiniň gazanylandygy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gazyň çykarylandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň, alkilat benzinleriniň ýokary oktanly komponentiniň, Euro-6 standartlaryň kadalaryna laýyk gelýän A-98 görnüşli benziniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde eden çykyşynda Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkitmegi dowam etjekdigini belläp, täze känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary we «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny amatly ýagdaýa getirmek üçin täze 3D meýdan seýsmiki toplumlaryny hem-de geljekde 4D gözegçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak babatda başlangyçlary öňe sürdi.

Iň köp girdeji gazanan sungat işgärleri yglan edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar

2023-nji ýylda Türkmenistanda 11 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi

Niderlandlaryň agrosenagat kompaniýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy