TEHNOLOGIÝA

Ilkinji eplenýän telefonyny tanyşdyrdy

“Xiaomi” kompaniýasy ýene-de özüniň täze “Xiaomi Mix Fold” atly eplenýän telefonyny köpçülige tanyşdyrdy. Kompaniýanyň bu telefony öňdebaryjy “Samsung” kompaniýasynyň “Samsung Galaxy Z Fold 2” eplenýän telefony we “Huawei” kompaniýasynyň “Mate X2” eplenýän telefonyny bilen bäsdeşlik eder.

“Xiaomi Mix Fold” eplenýän telefon Snapdragon 888 sistemasynyň esasynda işlär. Ekrany AMOLED bolup, onuň operatiw ýady 16GB we içki ýady 512GB barabardyr. Telefonyň batareýasy 5020 mAh, ýagny 0%-100% göterim zarýad bermek üçin ulanyja 37 minut gerek bolar. Onuň kamerasy bolsa 108 Mp-dan ybaratdyr.

“Xiaomi” kompaniýasynyň täze önümçilik bölüminiň dolandyryjysy Wang Teng Tomas, “Weibo” sahypasynda “Xiaomi Mix Fold” akylly eplenýän telefonyň ilkinjilerini[ birnäçe sekundyň içinde satylandygyny tassyklady. Ulanyjylar häzirki wagtdan başlap bu telefony sargyt edip bilerler. Onuň 12GB/256GB görnüşiniň bahasy 1.521 dollardan we 16GB/512GB görnüşi bolsa 1.978 dollardan ybarat bolar.

 

Koronawirus sebäpli Ýewropa serhetlerinde gözegçilik güýçlendirilýär

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi