SPORT

Ildeşimiz Berdiýew “Soçi” toparyna tälim berer

Ildeşimiz Gurban Berdiýewiň Russiýanyň futbol çempionatyna dolanyp geljekdigini habar beripdik. Ol Eýranyň “Traktor” toparynyň ýolbaşçy düzüminden özüni wezipesinden boşatmagy üçin ýüz tutup, munuň sebäbini hem rus futbolyna dolanmak bilen görkezipdi.

Berdiýewiň rus futbolyna dolanyp gelmegi bilen baglanyşykly düýn rus metbugatynda habarlar çykdy. Gurban Berdiýew 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol mundan beýläk Russiýanyň milli çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Soçi” toparyna talim berer.

“Soçi” toparynyň ýolbaşçysy Boris Rotenberg muny tassyklady. 70 ýaşyndaky tejribeli tälimçi rus futbolynda gazanan üstünlikleri bilen hem meşhurdyr.

“Soçi” toparynyň ýolbaşçysy Boris Rotenberg Gurban Berdiýewiň tejribesiniň toparyň has-da uly üstünlikler gazanmagyna mümkinçilik berjekdigine bolan ynamyny mälim etdi.

Şu ýylyň iýun aýynda Berdiýew “Traktor” toparynyň baş tälimçisi we tehniki direktory wezipesine bellendi. Onuň tälimçiliginde topar 11 duşuşyk geçirip, 4 duşuşykda ýeňiş gazanyp, dördünsinde utuldy we 3 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

“Traktor” topary 15 utuk bilen Eýranyň çempionatynda 7-nji orunda barýar.

70 ýaşyndaky Gurban Berdiýew 2021-2022-nji ýyllarda Gazagystanyň “Kaýrat” toparyna tälim berdi. 2001-2003-nji we 2017-2019-njy ýyllarda ol Tatarystanyň “Rubin” toparyna tälim berip, bu topar bilen 2 gezek Russiýanyň çempiony, bir gezek Russiýanyň Kubogyny we 2 gezek Superkubogyny gazandy.

Şeýle hem Gurban Berdiýew 2015-2016-njy möwsümde “Rostow” topary bilen Russiýada kümüş medalyň eýesi boldy.

Häzirki wagtda “Soçi” topary Russiýanyň çempionatynda 17 tapgyrynyň netijeleri boýunça 25 utuk jemläp, 9-njy orunda barýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri

Angliýanyň zenanlary Ýewropa çempiony boldy