JEMGYÝET

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-19-njy mart aralygynda Hytaýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça metbugat wekilleri üçin brifing geçirildi.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan metbugat brifinginde Hytaýyň ilçisi Szi Şumine HHR-iň Başlygy Si Szinpine sowgat hökmünde berlen ahalteke bedewine hytaý tarapynyň nähili baha berýändigi baradaky sowal bilen ýüzlenildi.

Hytaýyň ilçisi Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň geçirilen sessiýalaryndan soňra Hytaýa sapar bilen baran ilkinji daşary ýurtly syýasatçy bolandygyny belledi.

Diplomat, bu saparyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ähli ugurlarda giň gerimde ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.

Saparyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewiniň sowgat berilmeginiň çuňňur simwoliki manysynyň bardygyny belledi.

Ilçi atyň hytaý we türkmen halklarynyň düşünjesinde öňe gidişligiň hem-de maksada okgunlylygyň nyşanydygyny, her iki ýurtda-da uly söýgüden peýdalanýandygyny belläp geçdi.

Bu sowgadyň ähmiýetiniň senenama bilen hem gabat gelmeginiň ähmiýetine ünsi çeken Hytaýyň ilçisi gündogar müçenamasy boýunça 2026-njy ýyl bedew ýyly, Türkmenistanda bolsa şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» şygary astynda geçýändigini mälim etdi.

Szi Şumin türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşyk mahalynda Başlyk Si Szinpiniň Türkmenistanyň ahalteke bedewleriniň watanydygyny, her iki ýurduň bolsa şu asylly bedewler deýin öňe okgunlydygyny aýratyn belländigini ýatlap geçdi.

Ilçiniň pikiriçe, sowgat berlen bedew iki halkyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi