Mälim bolşy ýaly, şu ýyl, ýagny 2025-nji ýyl Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy dabaraly bellenýär.
Şu nukdaýnazardan, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlik etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şonuň netijesinde, ilkinji söhbetdeşlik Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen guraldy.
Ilçi žurnalyň döredijilik topary kabul edip, beren sowallaryna jogap berdi. Doganlyk Türkiýe Respublikasynyň ilçisi söhbetdeşligiň dowamynda “bir millet, iki döwlet” ýörelgesi esasynda ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklary barada gyzykly gürrüňler berdi. Hususan-da ilçi 2024-nji ýylyň iki döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda baý ýyllaryň biri bolandygyny belledi. Ikitaraplaýyn esasda birnäçe ýokary derejede saparlaryň gurnalandygy, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hususan-da tebigy gaz pudagynda oňyn öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi.
Ilçi bilen guralan söhbetdeşligi dolulygyna size ýetirýäris.
1.Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklary “bir millet, iki döwlet” ýörelgesi esasynda ösdürilýär. 2024-nji ýylda iki döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda nähili ösüş depginleri gazanyldy?
Umumy taryh, dil, din we medeniýete esaslanýan Türkmenistan bilen çuňňur gatnaşyklarymyz hyzmatdaşlyk we umumy bähbitler esasynda günsaýyn güýçlenýär. Türkmenistan garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, Türkiýe Aşgabatda ilçihana açan ilkinji ýurt boldy. Bu döwürde resmi edaralarymyz, işewür adamlarymyz, kompaniýalarymyz we raýatlarymyz Türkmenistany özgertmek işinde türkmen doganlary bilen bilelikde egin-enge berip, zähmet çekdiler.
Türkmenistan bilen bar bolan hyzmatdaşlygymyzy has-da ösdürmek üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris. Türkmenistan bilen göreldeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzdan başga-da, halkara platformalarynda, esasanam Birleşen Milletler Guramasy we ÝHHG-da özara tagallalarymyzy goldaýarys. Aslynda, ýurtlarymyz halkara guramalaryň çäklerinde hödürlenýän kararlaryň taslamasynda birek-biregi goldaýarlar. Bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygymyzy üstünlikli dowam etdireris.
Strategiki derejeli gatnaşyklarymyzyň özara ýokary derejeli saparlar, resminamalara gol çekilmegi we hyzmatdaşlygy amala aşyrmak bilen 2024-nji ýyl geçirendigimize ynanýaryn.
2024-nji ýylyň dowamynda Aşgabatda köp dürli halkara çäreleri, sammitler, konferensiýalar we ýarmarkalar geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary derejeli wekilleri Türkmenistanyň sebitdäki we halkara arenasyndaky ähmiýetini görkezýän bu çäreleriň hemmesine diýen ýaly gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylda ulag we saglygy goraýyş edaralarynyň we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen köp sanly çäreler, möhüm bir işiň üstünlikli durmuşa geçirilendiginiň şaýady boldum.
Meşhur türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy jenap Numan Kurtulmuş «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşdy. 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirildi. Medeniýet we syýahatçylyk ministrimiz Mehmet Nuri Ersoý Medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara konferensiýa gatnaşdy.
Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda Türkiýede köp sanly çäreler guraldy. Magtymguly Pyragynyň pikirlerine we maslahatlaryna bütin dünýä gowy düşünmelidigine ynanýaryn. Bu nukdaýnazardan, 2024-nji ýylda dostluk we parahatçylyk habarlarynyň Türkmenistandan dünýä ýetirilmegini gaty manyly hasaplaýaryn.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag 2024-nji ýylyň 1-2-nji martynda 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşyp, Türkmenistanyň daşary syýasatyny göz öňünde tutýan çykyş etdi we şu pursatda Prezidentimize “Türkmenistanyň hormatly Il ýaşuly” derejesini berdi.
2024-nji ýylda goranmak pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzyň çäginde Milli Goranmak ministrimiz jenap Ýaşar Güler we Baş ştabymyzyň başlygy general Metin Gürak Aşgabatda boldular.
Beýleki tarapdan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri R.Meredow 2024-nji ýylyň 13-14-nji awgustynda Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen bilelikde ýurdumyza bardy.
Anewiň Türksoý tarapyndan 2024-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäginde medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary jenap Serdar Çam Türkmenistanda guralan çärelere gatnaşdy.
Türkmenistanda geçirilen “Türk eksport harytlarynyň sergisi” indi däbe öwrüldi. 2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabry aralygynda Aşgabatda geçirilen 11-nji Türk eksport harytlarynyň sergisine söwda ministrimiz jenap Ömer Bolat gatnaşdy. Bu sergiler ykdysady hyzmatdaşlygymyza möhüm goşant goşýar diýip pikir edýärin.
2024-nji ýylda meni iň bagtly eden wakalardan biri, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararlaryna laýyklykda beýik türkmen şahyry we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli biziň ýurdumyz bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşant hökmünde maňa baýrak gowşurylmagy boldy. 27-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri jenap Raşid Meredow tarapyndan gowşurylan baýragy alanym üçin buýsanýaryn. Şu pursatdan peýdalanyp, Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa we daşary işler ministri Raşid Meredowa ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildiresim gelýär.
2. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden hem-de hemişelik Bitaraplygyny ilkinjileriň hatarynda goldaw beren Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna nähili garaýar?
Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt bolmak artykmaçlygyna eýe bolup, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik bitaraplyk derejesini goldaýan ilkinji ýurtlaryň arasyndadyr. Türkiýe, Türkmenistanyň işjeň bitaraplyk syýasatyny doly goldaýar. “Oňyn bitaraplyk syýasaty” çäginde işjeň daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistanyň sebitinde we dünýäde parahatçylyga we durnuklylyga goşant goşýan möhüm ýurt hökmünde çykyş edýändigini görýäris.
Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy global ösüşlerden we meselelerden üzňeleşdirmek üçin däl-de, eýsem has konstruktiw goşant goşmak üçin ulanýandygyna ynanýarys. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Palestina we Ukraina berlen ynsnaperwer kömegi bu duýgur çemeleşmäniň beýany hasaplaýarys.
3.Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklarda bilim hyzmatdaşlygy uly ähmiýete bolýar. Türkiýäniň talyp haky ýaly ençeme maksatnamalar boýunça türkmen ýaşlary Türkiýede bilim alýarlar. Bu gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda nähili işler geçirilýär?
Doganlyk halklarymyzyň arasyndaky iň möhüm köprülerden biri bolan bilim hyzmatdaşlygymyz, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Şeýle hem, bilim edaralarymyz we Türkmenistan garaşsyzlygyndan bäri işleýän türk talyp haklary maksatnamasy arkaly iň gowy bilim alýan türkmen ýaşlaryna goşant goşmaga çalyşýarys. Bilelikdäki türkmen-türk mekdebimiziň (OTTO) iki ýurduň hormatly ilçileri hökmünde taýýarlan ýaşlara buýsanýarys. Mundan başga-da, ýokary bilimli Türkmenistanyň döwrebap bilim edaralaryny gutaran we ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirmek isleýän türkmen talyplaryny iki ýurt üçinem uly girdeji hökmünde görýäris. Ýokary bilim geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2023-24-nji okuw ýylynda biziň ýurdumyzda Türkmenistandan 29000-den gowrak talyp okaýarr.
1992-nji ýyldan bäri bäş müňden gowrak türkmen okuwçysy Türk talyp haklary maksatnamasyna gatnaşdy. 2024-nji ýylda Türkiye talyp haky maksatnamasynyň çäginde talyp haklaryny alan türkmen talyplarynyň sany 45, Türkiye talyp haky maksatnamasyndan peýdalanýan türkmen talyplarynyň umumy sany 98-dir. Siziň adyňyzdan ýaş türkmen doganlarymyza 2025-nji ýyl üçin Türkiye talyp haky maksatnamasynyň ýüz tutmagyň 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan başlandygyny we 20-nji fewrala çenli ýüz tutup biljekdigiňizi habar bermek isleýärin.
- 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynda nähili ösüşlere garaşýarsyňyz?
Bilşiňiz ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny ýolbaşçylarymyz bilen halklarymyzyň arasyndaky ýakyn gatnaşykdan we birek-birege hormat goýmakdan alýar. Öňki döwürlerdäki ýaly 2025-nji ýylda özara saparlaryň köp boljakdygyna ynanýarys. Edaralarymyzyň, esasanam Daşary işler ministrliklerimiziň bar bolan maslahat beriş mehanizmleri arkaly pikir alyşmagyny dowam etdirmegi we gatnaşyklaryň ösdürilip bilinjek ugurlaryny kesgitlemegi möhümdir.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky iň möhüm hyzmatdaşlygyň mehanizmlerinden biri bolan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara tükrmen-tükr toparynyň 8-nji mejlisini şu ýylyň birinji çärýeginde Ankarada geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ýol kartasy, esasanam ykdysady we söwda gatnaşyklarymyz gözden geçiriler.
2025-nji ýylda esasanam medeniýet pudagynda möhüm ädimler ätmek isleýäris. Şu ýyl dünýäniň köp ýurtlarynda işleýän Ýunus Emre türk medeni merkezini açmagy meýilleşdirýäris.
- 2025-nji ýylda energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyndna nämelere garaşyp bileris?
Bilşiňiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 1-2-nji martynda Antalýa bardy we bu pursatda Prezidentimiz bilen geçirilen gepleşiklerden soňra energetika we ulag pudagynda üç resminama gol çekildi.
Şübhesiz, 2024-nji ýyldaky energiýa meýilnamamyzyň çäginde iň möhüm ösüş, energetika we tebigy baýlyklar ministrimiz jenap Alparslan Baýraktaryň 2024-nji ýylyň 30-31-nji iýulynda Türkmenistana eden sapary boldy. Sapary wagtynda Energetika we tebigy baýlyklar ministrimiz Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi we Türkmenistanyň tebigy gazyny biziň ýurdumyza we Ýewropa bazarlaryna eltilmegi, şeýle hem elektrik energiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikler geçirdi.
Sapary mynasybetli metbugata beren interwýusynda energetika we tebigy serişdeler ministrimiz birinji tapgyrda swap usuly bilen Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda iki milliard kub metr (bkm) geçiriljekdigini aýtdy. Energetika we tebigy baýlyklar ministri gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandaky tebigy gaz ýataklarynda bilelikdäki önümçilik meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyna ünsi çekdi we BOTAŞ bilen degişli türk kompaniýalary bilen türkmen tarapynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň, şol sanda meseleleriň bardygyny aýtdy.
Türkmen gazyny biziň ýurdumyza we Türkiýeniň üsti bilen Ýewropa daşamak meselesi uzak wagtlap gün tertibinde bolup gelýär. Türkmenistan garaşsyzlygyndan soň degişli türk we türkmen häkimiýetleriniň arasynda käbir resminamalara gol çekildi we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm duşuşyklar geçirildi.
Dünýäde başdan geçirilýän syýasy we ykdysady durnuksyzlyklary, şeýle hem ýaşyl energetika ýaly daşky gurşaw meselelerini ýokarlandyryp, türkmen gazynyň günbatar bazarlaryna daşalmagy üçin amatly döwri başdan geçirýändigimize ynanýarys. Bu mümkinçilik penjiresiniň hemişelik açyk galmajakdygyna we hyzmatdaşlygyň gysga wagtda başlamalydygyna ynanýarys. Şol sebäpden, gysga möhletde bar bolan infrastrukturany ulanyp, orta we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga başlamak, zerur bolup biljek infrastruktura ýetmezçiliklerini aradan aýyrmak we täze maýa goýumlary goýmak arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen baglanyşykly ähli taraplara peýdaly boljakdygyna ynanýarys.
- Türkmenistanyň Türki döwletleri guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki tapgyryna nähili garaýarsyňyz?
Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Türki döwletleri guramasynyň (TDT) 9-njy sammitinde guramanyň synçy agzasy boldy. Bilşiňiz ýaly, TDT türki döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýän geňeşidir. Türkmenistanyň TDT we TURKPA-nyň doly agza bolmagyny isleýäris.
Türkmenistan TDT we degişli guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürýär. TÜRKSOY-ny esaslandyryjylaryň biri bolan Türkmenistanyň geçen ýyl Türkiýe döwletleriniň Söwda-senagat palatalary bileleşiginiň doly agzasy bolmagy oňyn ädim hökmünde görýäris. Türkmenistan TURKPA, Türk maýa goýum gaznasy, Halkara Türk Medeniýet we Miras Gaznasy we Halkara Türk Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyny hasam ösdürmek isleýär.
TDT Ýaşulular geňeşiniň başlygy jenap Binali Ýyldyrym, 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Türki döwletleri guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy. 2024-nji ýylyň 10-12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň çäreleri geçirildi. Sapary mynasybetli TDT-iň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym “Türkmenistanyň hormatly il ýaşuly” adyna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna medal we ýadygärlik nyşan bilen sylaglandy.
Türkmenistan türk dünýäsi maşgalasynyň örän möhüm agzasy. Türkmenistanyň TDT-e doly agza bolmagy bilen türk dünýäsinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de güýçlenjekdigine doly ynanýarys. Türk dünýäsi, adam resurslary, tebigy baýlyklar, durmuş, ykdysady we tehnologiki kuwwaty bilen sebitde gülläp ösüş we durnuklylyk ugry hökmünde tapawutlanýar. Ulag ýollary we energiýa çeşmeleri nukdaýnazaryndan Merkezi Aziýada ýerleşýän Türkmenistanyň möhüm goşant goşjakdygyna ynanýarys.
- Siz takmynan bir ýyldan bäri Türkmenistanda işleýärsiňiz. Türkmen halkyna we türkmen medeniýetine nähili garaýarsyňyz?
Bilşiňiz ýaly, 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatymy gowşurdym we Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi hökmünde resmi taýdan işe başladym. Şu ýylyň dowamynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ugurlarda ýakyn gatnaşyklaryň ösmegine şaýat boldum.
Mundan başga-da, türkmen halky we olaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldym. Türkmen kärdeşlerimiz bilen duşuşyklarym we sebitlere saparlarym arkaly Türkmenistanyň dürli ugurlary bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldum.
Bilşiňiz ýaly, Anadolydaky türk halky Merkezi Aziýadan günbatara, esasanam oguz we gypçak taýpalaryna göçüp gelen dürli halklardan durýar. Şu nukdaýnazardan, Oguz türkleriniň merkezi bolan Türkmenistanda halkyň ýaşaýyş durmuşynyň we medeniýetiniň Anadoly medeniýetine näderejede ýakyndygyny gördüm. Medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz umumy dilimiz, dinimiz we taryhymyz sebäpli gaty ýakyn. Doganlygymyzy güýçlendirýän bu aýratynlygymyz, geljekde Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzyň has-da ösjekdigine kepildir.
Ata-babalarymyzyň watany hasaplaýan Türkmenistanda Türkiýäniň ilçisi bolup işlemek uly hormat. Bu hem uly jogapkärçilik. Ilçihanamyzdaky kärdeşlerim we geňeşçilerim bilen bilelikde Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin işimizi dowam etdireris.
Şu pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşan ähli Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümine, hususan-da Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygymy bildiresim gelýär.