DÜNÝÄ

Ilaty 60 ýyldan soňra azaldy

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ilaty altmyş ýyldan soň ilkinji gezek azaldy.  Hytaýyň Milli statistika edarasy 2022-nji ýylyň ahyryndaky maglumata görä, ilatyň 850 müň azalandygyny habar berdi.

Şoňa laýyklykda ýurduň ilaty 1 milliard 411 milliona çenli azaldy. 2021-nji ýylda tebigy köpeliş derejesi müňe 7.52 bolsa-da, bu dereje 2022-nji ýylda 6,77-e çenli azaldy.

Bilermenler Hytaýyň ilatynyň 2050-nji ýyla çenli 109 million adam azaljakdygyna ynanýarlar.

Ýa­kyn gel­jek­de Hin­dis­ta­nyň Hy­taý­dan oz­du­ryp, dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu iki Azi­ýa ýur­du­nyň ila­ty dün­ýä ila­ty­nyň üç­den bi­rin­den gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­ýär.

Hin­dis­ta­nyň ila­ty 1947-nji ýyl­dan bä­ri mil­li­ar­dan gow­rak kö­pe­lip­dir. Bi­ler­men­ler ar­ty­şyň ýe­ne 40 ýyl do­wam et­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Ýurt­da ýa­şaý­jy­la­ryň gir­de­ji­si­niň art­ma­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­li­me el­ýe­ter­li­li­giň gow­lan­ma­gy ila­tyň art­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bi­ler­men­ler gel­jek ýy­lyň ap­re­lin­de Hin­dis­ta­nyň dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler siz üçin şowhunly çykyşlar

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy