DÜNÝÄ

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Şu ýylyň 6-njy oktýabrynda, ýagny ertir Russiýanyň Moskwa şäherinde Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin gatnaşar. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Forum “Skolkowo” innowasiýa merkezinde geçiriler. Bu foruma Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin bilen bir hatarda Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşar.

Forumyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Şol bir wagtyň özünde ulag infrastrukturasy, energiýa, daşky gurşawy goramak, sebitara hyzmatdaşlygy hem-de medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalara üns berler.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi