DÜNÝÄ

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Şu ýylyň 6-njy oktýabrynda, ýagny ertir Russiýanyň Moskwa şäherinde Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin gatnaşar. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Forum “Skolkowo” innowasiýa merkezinde geçiriler. Bu foruma Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin bilen bir hatarda Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşar.

Forumyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Şol bir wagtyň özünde ulag infrastrukturasy, energiýa, daşky gurşawy goramak, sebitara hyzmatdaşlygy hem-de medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalara üns berler.

Related posts

Aşgabatda Bütindünýä türki diller maşgalasy güni bellendi

Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň ilçisi işe başlady

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Leave a Comment