BILIM

Içeri işler ministrliginiň institutyna okuwa kabul edişlik

TÜRKMENISTANYŇ IÇERI IŞLER MINISTRLIGINIŇ INSTITUTY
ýurdumyzyň içeri işler edaralary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş ap edildi.

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine
bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby
gullugy geçen, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar kabul edilýär.
2. Şu aşakdaky fakultetlere okuwa kabul edilýär:
— hukuk fakulteti;
— ýörite edaralar fakulteti;
— ýangyn-tehniki fakulteti;
— içerki goşunlar fakulteti.
3. Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň okuw merkezinde 2022-nji ýylyň
1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.
Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 2052-nji (Ş.Ba­ty­row) kö­çe­si­niň 9-njy ja­ýy.
Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 36-45-17, 36-44-97.

 

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Ýene-de okaň

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri

Şwesiýanyň mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefon ulanmagy doly gadagan ediler