TEHNOLOGIÝA

Hytaýyň “Xiaomi” tehnologiýa kompaniýasynyň elektrikli ulagy satylyp başlandy

Şereketiň “SU7” diýip atlandyran elektrik awtoulagy, satuwa çykarylandan soň ýarym sagadyň içinde 50 müň birlik satyldy.

Hytaýly smartfon we elektron enjam öndürijisi “Xiaomi” kompaniýasy täze döredilen elektrik ulagy modeli bilen awtoulag bazaryna girdi. Kompaniýa Pekinde geçirilen çärede “SU7” atly elektrik sport awtoulag modelini hödürledi.

“Xiaomi” -niň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Sýun tanyşdyryş dabarasynda bu awtoulagyň satuwa çykarylandygy yglan edilenden soň ýarym sagadyň içinde 50 müň birlik satylandygyny habar berdi.

Leý täze modeliň batareýa diapazonynyň 700 kilometre barabardygyny, bu “Tesla Model 3” ulagynyň görkezijilerine deňdigini we tehniki aýratynlyklarynyň 90 göteriminiň “Teslanyň” modelinden has gowudygyny öňe sürdi.

Aýratynlyklaryna görä 3 wersiýada çykan awtoulagyň başlangyç bahasy takmynan 29 müň 900 dollar hökmünde kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar