BIZNES

Hytaýly kompaniýalary lukmançylyk örtüginden uly girdeji gazandy

Koronawirus ýokanjynyň dowam edýän döwründe Hytaýyň kompaniýalary pandemiýanyň birinji ýylynda lukmançylyk agyz-burun örtügi hem-de beýleki şahsy gorag serişdeleriniň eskportundan takmynan 90 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada Amerikanyň Peterson dünýä ykdysadyýeti instituty (PIIE) habar berýär.
Bu guramanyň berýän habaryna görä, 2020-nji ýylda gorag serişdeleriniň girdejisi 88,1 milliard dollara deňdir. 2019-njy ýylda bu ugurdaky görkeziji 22,9 milliarda barabardyr. Şeýlelikde, girdeji 3,8 esse artdy. Bu pul möçberiniň 53,8 milliard dollaryny agyz-burun örtügi we respirator, 16,8 milliardyny ýüz örtýän örtükler, 10,8 milliardyny gorag egin-eşikleri, 3,9 milliardyny bolsa ellikler eýeleýär.
Koronariwus ýokanjy zerarly bu önümlere bolan islegiň artmagy onuň girdejiligini hem ýokarlandyrdy. Bu önümleriň bahasy hem 2019-njy ýylyň dekabry bilen deňeşdireniňde hem ep-esli ýokarlandy.
Geçen ýyl Amerika we Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän ýurtlar Hytaýyň bu önümlerini iň köp satyn alan ýurtlar boldy. Olar degişlilikde 24,6 we 23,4 milliard dollar möçberinde Hytaýyň örtük we elliklerini satyn aldylar.
Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Hytaýyň alymlary koronawirus ýokanjyny dolulygyna ýok edýän ultramelewşe şöhleli çyralary işläp düzdiler. Bu işläp düzme zatlaryň dezinfeksiýasy üçin netijeli hem-de peýdaly bolup biler.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/abs-syyahatcylar-sanjym-etdirmeli-bolarlar/

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär