JEMGYÝET

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2025-nji ýylyň 1 — 15-nji dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;

— Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;

— dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language), IELTS (International English Language Testing System) ýa-da HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagynyň netijeleri;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegde on iki sany fotosurat. Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen seçip alyş işi akademiki bahalandyryş synaglarynyň netijesine laýyklykda, bäsleşik esasynda geçiriler.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169. Te­le­fon bel­gi­le­ri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25. Elekt­ron salgy­sy: admissioniuhd@gmail.com

Ýene-de okaň

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri