BILIM

Hytaýda çagalara onlaýn oýunlar gadagan edildi

Hytaý hökümeti çagalaryň mekdep günlerinde onlaýn wideo oýunlaryny oýnamagyny gadagan etdi diýip, “The Wall Street Journal” habar berýär.

Çagalar indi anna, şenbe we ýekşenbe günleri 20: 00-dan 21:00-a çenli bir sagatdan, ýagny hepdede jemi üç sagat oýun oýnap bilerler.

Soňky ýyllarda Hytaýda kämillik ýaşyna ýetmediklere onlaýn oýunlary oýnaýan käbir çäklendirmeler girizilipdi. Olara günde 90 minut, baýramçylyk günlerinde 3 sagada çenli oýnamaga rugsat berilipdi. Hökümet mundan soň onlaýn oýunlar bilen meşgullanýan kompaniýalaryň gözegçiligini güýçlendirjekdigini aýtdy.

Wideo oýunlary öndürmekde dünýäde öňdebaryjylardan biri bolan “Tencent Holdings Ltd.” kompaniýasy öňki çäklendirmelere jogap hökmünde ýüz tanamak we hakyky at bilen bellige alnyş tehnologiýasyny ulanýardy.

Mundan başga-da,  belli bir wagt geçenden soň oýun awtomatik usulda öçürilýär. Hökümetiň indiki kararyndan soň onlaýn oýun kompaniýalarynyň aksiýalarynyň bahasy pese gaçyp başlady.

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy

 

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri