TEHNOLOGIÝA

Hytaýda 5G ulanyjylaryň sany artýar

Hytaý Halk Respublikasynda 2023-nji ýyla çenli 5G ulgamly internetden peýdalanyjylaryň sany 560 milliondan gowrak bolar diýlip çaklanylýar. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Şol döwre çenli 5G ulgamynyň tory hususy mobil telefon ulanyjylaryň 40 göterimden gowragyny gurşap alar. Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrligi bilen bir hatarda ona golaý döwlet edarasynyň gatnaşmagynda işlenip düzülen düzgünnama esasynda 5G ulgamynyň gurşawynyň ýaýbaňlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.

2023-nji ýyla çenli her bir 10 müň adam 18-den gowrak 5G beketleriniň hyzmatyndna peýdalanar. Şonuň üçin ýurtda bu ulgamyň torunyň giňeldilmegi ugrundaky işler çaltlandyrylar.

 

DaÅŸkentde “Ğ¡5+1” formatyndaky nobatdaky duÅŸuÅŸyk guraldy

Related posts

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i türkmen işewürlerine amatly internet hyzmatlaryny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

“Realme” kompaniýasynyň täze önümleri

Ata Watan Eserleri