SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý serhetdäki karantin çäklendirmelerini ýatyrdy

Hytaý Halk Respublikasy özüniň gury ýerdäki, deňizdäki hem-de howa menzillerindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynda koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly galan çäklendirmelerini ýatyrdy. Pandemiýadan bäri takmynan 3 ýyldna bäri köp sanly serhet geçelgelerindäki nokatlar ýapyk durdy.

2023-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan başlap, Hytaýa barýan ýolagçylar üçin göz öňünde tutulan hökmany karantin çäresi hem ýatyryldy.

Hytaýa syýahat edýänler Hytaýa uçmazyndan 48 sagat öň COVID-19 üçin PCR synagyndan geçmeli bolarlar we saglyk beýannamasyny dolduranda netijelerini habar bermeli bolarlar. Kimiň synagy položitel bolan halatynda doly sagalýança syýahat etmekden gaça durmak maslahat berilýär.

Hytaý Halk Respublikasy geçen ýylyň dekabryndan bäri koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleri kem-kemden gowşadyp başlapdy.

Related posts

Hytaý sanjymlaryň köpçülikleýin önümçiligine taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

“BioNTech” çagalara sanjym etmek üçin rugsat sorady

BSGG: 335 million adama sanjym edildi

Leave a Comment