SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar. Howa menziliniň taslamasynyň bahasy 4,3 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Bu barada “South China Morning Post” neşiri habar berýär.

Taslama demirgazyk-gündogardaky Dalýan şäherinde Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen berk ykdysady gatnaşyklary bolan sebitde amala aşyrylar.

Täze halkara howa menziliniň meýdany 20 inedördül kilometr bolar. Ilki bilen howa menziliniň her ýylda 43 million ýolagça hyzmat etmegi we geljekde 80 million adama niýetlenmegi meýilleşdirilýär. Ululygy Gonkong halkara howa menzilinden (12,48 inedördül km) we Ýaponiýanyň Kansaý halkara howa menzilinden (10,5 inedördül km) öňe geçer. Bu iki howa menzilleri hem emeli adalarda ýerleşýär.

Täze howa menzilinde dört uçuş-gonuş zolagy we meýdany 900 müň inedördül metr bolan ullakan terminal bolar. Taslamanyň 2035-nji ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär