DÜNÝÄ

Hytaý Bahar baýramyny belleýär

Hytaý Halk Respublikasy aý senenamasyna görä, Täze ýyl, ýagny “Çunsze” – Bahar baýramyny belleýär. Bu baýramçylyk üstümizdäki ýylda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Iki ýyldan soňra ähli durmuş çäklendirmeler aýrylan şertlerinde baýramçylyk giňden belleniler.

Pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagy we gowşadylmagy bilen içekri syýahatçylyk akymynyň giň gerime eýe bolmagyna garaşylýar.

Hytaýyň Ulag ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Hytaýyň ýaşaýjylary baýramçylyk döwründe 2 milliarddan gowrak gezelenç amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Baýramçylyk döwründe kinoteatrlaryň kassa ýygymlary 900 million dollara barabar bolar, şol wagtda Demirgayzk Hytaýdaky gyşky dynç alyş zolagyndaky şypahanalarda orun sargyt etmek 60 göterim ýokarlandy. Pekin we Şanhaý ýaly iri şäherlerdäki meşhur restoranlaryň ähli orunlary öňünden sargyt edildi.

Ýurduň Söwda ministrliginiň habaryna görä, Hytaýyň iri söwda kompaniýalarynyň sarp ediş harytlarynyň bölek satuwy 20 göterim artdy.

Hytaýda täze ýyl baýramçylygnyyň dynç alyş günleri 21-27-nji ýanwar aralygynda dowam eder. Ýurtda Täze ýyl aý senenamasyna görä, 22-nji ýanwarda başalar we hytaýlylar towşan ýylyna gadam basarlar.

Ýene-de okaň

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi