BIZNES

Hususylaşdyrmagyň nobatdaky tapgyry: 25 desga hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki  desgalary hususylaşdyrmak  hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçilgindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam  hem-de ykjam mobil goşundysy arkaly  bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwda 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabr sagat 10:00-da  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil  şaýolynyň  156-njy jaýy.

 Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,  Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenstanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap  hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalarynyň hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Bu gezek göz öňünde tutulan bäsleşikli söwdada başlangyç bahasy iň ýokary bolan desga «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Azatlyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Döwrebap» dynç alyş we söwda merkezidir. Onuň başlangyç bahasy 51 million 892 müň 824 manat hökmünde kesgitlenipdir.

Şeýle hem başlangyç bahasy ýokary bolan desgalaryň hatarynda «Lebapdaşarysöwda»  daşary ykdysady birleşiginiň 2 gatly binasy, Daşoguz turba zawody, “Arzuw” sagaldyş merkezi, Awtoulag serişdeleriniň abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň awtoussahanasy bar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň iň iri gaz üpjünçisi bolmagynda galýar

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi