PEÝDALY MASLAHAT

Hususy telekeçileriň dykgatyna: Pensiýa gatançlary

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslar döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň subýektleri bolmak bilen olar şol bir wagtda ätiýaçlandyrýan hökmünde çykyş edýärler we pensiýa gatançlaryny töleýjiler hökmünde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba alynmaga degişlidir diýlip Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Ministrliginiň web saýtynda bellenilýär. Şol bildirişde aýdylyşyna görä, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilik işine başlaýan raýatlarymyzdan kanunçylykda bellenen tertipde salgyt edarasynda hasaba duran ýeriňizdäki pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba durmagyňyzy haýyş edýär.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli eserleri, şeýle hem, beýleki habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

2012-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Oňa laýyklykda, fiziki şahslar bilen bagly ýeňillikleriň sany 5-e ýetirildi. Şeýlelik bilen, fiziki şahslar, olara şular bellenilen halatynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler:

1) ýaşy boýunça pensiýa;
2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
3) hünär pensiýasy;
4) maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly, eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar;
5) döwlet durmuş kömek puly.

Mundan başga-da hususy telekeçilere we hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslara – özleri üçin tölenilýän pensiýa gatançlarynyň möçberine täzeden seredildi. Girizilen üýtgetmä görä, ýokarda agzalan şahslara pensiýa gatançlaryny olaryň özleriniň girdejisine garamazdan hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň azyndan 10 göterimi möçberinde tölenilmeli edildi. Görkezilen şahslar üçin hasabat döwrüniň her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýunyna çenli we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabryna çenli aralykdaky döwri öz içine alýandygyny ýatladýarys.

Girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlanýan döwür üçin ulanylýar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik