SPORT

Huşundan gidip, çempion boldy

8-nji awgustda tamamlanan Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlary eminleriň täsin çözgütleri bilen ýadymyzda galdy.

Şeýle täsin çözgütleriň birnäçesi Oýunlaryň maksatnamasyna ilkinji gezek goşulan karate ýaryşlarynda hem ýüze çykdy. Has takygy, 75 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçirilen ýaryşda ýeňiji eminleriň çözgüdi bilen yglan edildi.

Ýagdaý şeýe bolup geçdi: final tutluşygynyň eýýäm ilkinji minudynda saud arabystanly Tareg Hamedi eýranly Sajadu Gençzadeden 1:4 hasabynda yzda barýardy. Ýöne ol dartgynly pursatlaryň birinde garşydaşy aýagy bilen güýçli depip, oňa nakaut berdirdi we eýranly karateçi az wagtlyk huşuny ýitirdi.

Muňa begenen Hamedi ýeňşini baýram etmäge taýýarlanyberende, «sahna» eminler çykdy. Şeýlelikde, olar düşekçeden lukmanlaryň götergijinden alnyp çykylan eýranly türgeni altyn medala mynasyp gördüler.

Olaryň pikirine görä, Tarega Hamedi garşydaşyna rugsat berilmedik urgyny edipdir. Bu bolsa türgene jeza berilmegine getirdi.

Muny eşiden Hamedi gözýaş bilen köpçüligiň arasyna siňip gitdi. Huşuna gelen Gençzade bolsa altyn medala mynasyp bolandygyny görüp, gözlerine ynanmady.

Şeýlelikde, eýranly türgen metbugat ýygnagynda şeýle diýdi:

«Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyna mynasyp bolanyma, elbetde, begenýän. Ýöne hut şeýle ýol bilen çempion bolmak meni gynandyrýar».

Eplenýän iPhone öndüriler

 

 

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý