DÜNÝÄ

Howanyň hiline gözegçilik

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde Bütindünýä şäherleriň forumy geçirildi. Şol forumyň çäklerinde howanyň hilini görkezijilerini anyklamak boýunça bütindünýä taslamasyna badalga berildi. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň ilatynyň dem alýan howasynyň hapalanmagynyň derejesi ýokarlanyp barýar. Onuň öňüni almak üçin degişli çäreleriň alynmagy göz öňünde tutulýar.

BMG-niň resmi internet sahypasyndaky maglumata laýyklyka, hapalanan howa her ýyl 4,2 million adamyň biwagt aradan çykmagyna getirýär. Esasan hem mundan zenanlar we ýaş çagalar ejir çekýär.

Bütindünýä bankynyň baha bermegine görä, howanyň hapalanmagy bilen baglylykda saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi üçin sarp edilýän ýyllyk çykdajylar 5 trillion dollara barabar bolýar.

Şonuň üçin BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy we BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasy howanyň hiliniň gözegçilik etmek üçin giň göwrümli taslamany durmuşa ornaşdyrýar. Täze dörediljek maglumat gory 4 müň geçirijiden ybarat bolup, onuň ulanyjylarynyň sany häzirlikçe 15 milliona deňdir.

Häzirki wagtda şäherlerde 3,5 milliard adam ýaşaýar. Olar Ýer ýüzüniň umumy ilatynyň 55 göterimine deňdir. 2030-njy ýylda şäherlileriň sany 5 milliardda golaýlar. Ol hem Ýer ýüzüniň ilatynyň 75 göterimine deň bolar.

Şäherleriň senagatlaşmagy şol bir wagtda daşky gurşawa hem özüniň täsirini ýetirip başlady. Şonuň üçin ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagyna has köp üns berilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy