JEMGYÝET

Hoş habar: Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

Türkmenistan döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 7-nji iýunda Türkmenistan 7-nji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, Türkmenistan şu ýyl geçiriljek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.

Şeýlelikde, Türkmenistan bu abraýly guramanyň wise-başlyklygyna 7-nji gezek saýlanýar. Ozal Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlislerine wise-başlyklyga saýlanypdy.

Birnäçe minut öň habar berşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy wezipesine wengriýaly diplomat Çaba Kereşi saýlandy. Ol bu wezipede maldiwli Abdulla Şahidiň ornuna geçer.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji melisi 13-nji sentýabrda öz işine başlaýar. Ýokary derejedäki duşuşyklar bolsa, 20-nji sentýabrda badalga alýar.

Baş Assambleýa BMG-niň ýeke-täk uniwersal edarasy bolup, 193 döwlet onuň agzasydyr.

 

 

Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň başlygy saýlandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri