JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy

Ýaponiýa  saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy.

Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň bu sergide öz Milli gününi ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy waka bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň toplanan oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Ýaponiýanyň iri bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligine ünsi çekip, öz ýurdunyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Ýene-de okaň

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýapon-türk hyzmatdaşlygynda täze karbamid zawody gurlar

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon Imperatory bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri