JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady.

Milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistanyň ähli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanýandygyny belledi.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, esasan hem söwda, ykdysady, ulag, aragatnaşyk we medeni hem-de ynsanperwer ugurlardaky okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdiler.

Şeýle hem Prezidentler şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny ara alyp maslahatlaşyp, öňde boljak çäräniň maksatnamasy babatda pikir alyşdylar.

Milli Liderimiz mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidentini golaýda Daşkent şäherinde guralan Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara baglanyşygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary derejedäki halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu forumyň netijeleriniň sebitde taslamalaryň ilerledilmegine oňat esas bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy.

 

S.Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy

 

 

S.Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Hytaýda türkmen raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar

Ata Watan Eserleri