JEMGYÝET

BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda boldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanda saparda boldy.

BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan paýtagtymyz Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Şeýle hem Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli ösýändigini nygtap, taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar