SPORT

Horhe Hesus “Feherbahçe” toparyna tälim berer

Türkiýe Respublikasynyň “Fenerbahçe” topary portugaliýaly tälimçi Horhe Hesus bilen 1 möwsüm üçin ylalaşdy. Bu barada türk toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türk topary tälimçä 3 million ýewro zähmet häky tölär. Ol 2022-2023-nji möwsüminden başlap, türk toparyna tälim berer. Horhe Hesus tälimçilik karýerasy döwründe 3 dürli ýurtda işläp, 4 gezek futbol çempionatlarynyň çempiony boldy. Şeýle hem ol 19 kubogyň eýesidir.

33 ýyllyk iş tejribesi döwründe 15 topara tläim beren Horhe Hesus tälim beren toparlary bilen 834 duşuşyga gatnaşdy.

Düýn Türkiýä gelen Horhe Hesus “Fenerbahçe” toparynyň sport desgalaryny aýlanyp gördi we soňra klubyň ýolbaşçylary bilen gepleşiklerini tamamlady.

 

 

BMG Türkiýäniň adyny üýtgetdi

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi