DÜNÝÄ

Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça  özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barada nygtadylar. Şeýle hem, iki ýurduň welaýat häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň özara saparlarynyň amala aşyrylmagynyň hem-de saparyň çäklerinde sergileriň we medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň ähmiýetini bellediler.

Mundan başga-da Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri