JEMGYÝET

Hökümet mejlisi: ýanwar aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barylan işleriň jemleri jemlendi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna Türkmenistanyň Konstitutiýasynyň we onuň umumy ykrar edilen kadalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany ýurduň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde ýanwar aýynda alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene-de okaň

Indiki hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentini we Ermenistanyň Premýer-ministrini gutlady

«Galkynyş» toparyna pul sowgatlary gowşuryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde atçylyk boýunça çeper filmi surata düşüriler

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasy taýýarlanar

Türkmenistan öňüni alyş döwlet dolandyryşyna geçmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri