MEDENIÝET

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň bilelikdäki tagallalary netijesinde Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu barada Marokkoda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde degişli çözgüt kabul edildi.

Hoja Nasreddin gündogar halk döredijiliginiň gahrymany, gysga gülküli şorta sözleriň, käte gündelik ertekileriň gahrymany.

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleriniň Adamzadyň maddy däl medeni miras sanawyna goşulmagynyň Gündogar edebiýatyndaky hyzmatdaşlyk däpleriniň has hem berkemegine giň ýol açjakdygy bu işiň uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

ÝUNESKO-nyň çäklerinde medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler türkmen halkynyň edebi mirasynyň dünýä derejesindäki ykrarnamasydyr.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy