BIZNES

Hindistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri türkmen dokma önümlerini satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $1,4 million we 9,7 million manatlyk 7 geleşik baglaşyldy. Bu barada Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Daşary ýurt walýutasy üçin Gyrgyzystanyň wekilleri $302,5 müň dürli ölçegdäki orta öwüşginli boýalan tüýjümek önümlerini we $1,1 million dürli nah ýüplüklerini satyn aldylar.

Hindistandan gelen telekeçiler 9,7 million manada dürli görnüşli nah ýüplüklerini satyn aldylar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümiň jemi 221 müň kg-dan gowragy eksporta iberiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýeden gelen telekeçi dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almaga geleşikleri baglaşdy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen jemi 1,2 million kilogramdan gowrak önümler eksporta iberiler. Baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy $4million deň boldy.

Related posts

Nebitgaz forumy: sanlar we maglumatlar

Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20 müňden gowrak şertnama baglaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan koronawirusyň kadalaşmagy bilen halkara sergilerini gurar

Ata Watan Eserleri